TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Täze neşir: Arkadag şäheriniň tarypnamasy

Täze neşir: Arkadag şäheriniň tarypnamasy

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ýeten belent derejelerini, gazanan üstünliklerini beýan edýän täze kitapça çapdan çykdy. Bu kitapça ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumyna gatnaşyjylara gollanma hökmünde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

Okyjylar köpçüligine ýetirilen bu kitapçada ýurdumyzyň iň bir owadan künjeginde gojaman Köpetdagy etekläp oturan, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň waspy giňden beýan edilýär. Giriş bilen başlanyp, «Akylly» şäher: birinji tapgyrdaky döwletli tutumlar», «Bagtyýar ýaşaýşyň şäheri», «Akylly» durmuş infrastrukturasy», «Ýaşyl» şäher ekoulgamy», «Haýyr-sahawat gaznasy — ynsanperwerligiň nusgasy», «Arkadag şäheri halkara hyzmatdaşlygyň ilerleýän mekany», «Ikinji tapgyr: gurluşyklar dowam edýär», «Lukmançylyk klasteri — «akylly» şäheriň innowasion mümkinçilikleriniň nusgasy» hem-de «Bagtyň waspy» atly baplardan ybarat bu täze kitapça ajaýyp şäheriň iň gözel ýerleriniň suratlary bilen bezelipdir.

Täze kitapçada ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarylygyny görkezýän Arkadag şäheriniň häzirki wagtda bagtly ýaşaýşyň gaýnap joşýan ýerine öwrülendigi nygtalýar. Arkadag şäherine geljegiň şäheri, ýaşlaryň şäheri diýilmeginde hem uly many bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasyndan, beýik başlangyjyndan binýat tutan bu şäher dünýä ýüzünde ykrar edildi. Açylyp ulanmaga berlen gününden bäri «akylly» şäher halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň jemi 20-den gowrak şahadatnamalaryna, güwänamalaryna mynasyp bolmagy başardy. Ýaňy-ýakynda bolsa Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde Arkadag şäheri «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara baýraklara mynasyp boldy. Şeýle-de kitapçada bu şäheriň medeni çäreleriň, forumlaryň, maslahatlaryň, bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülendigi barada giň beýan edilipdir.

«Akylly» şäherde medeniýet we sungat, oba hojalygy, senagat, ylym-bilim, ykdysadyýet, saglyk, sport ulgamlarynda hem-de beýleki edaralarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, köçelerde we duralgalarda ulanylýan ýörite enjamlar sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleridir. Öýüň howpsuzlygyny üpjün edýän hem-de suwuň, toguň, tebigy gazyň sarp edilişini tygşytlaýan intellektual ulgamyň ornaşdyrylmagy, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy arkaly ýokary tizlikli internetden, ýokary hilli öýjükli aragatnaşykdan hem-de IP telewideniýeden bökdençsiz peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilmegi bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz hakdaky aladadygy baradaky pikirler bu kitapçanyň esasy mazmunyny düzýär.

2024-09-18208