TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri kabul etdi

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we kakasy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, halkymyza abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny hem-de şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Milli Liderimiz sporty ösdürmek bilen bagly mesele barada durup geçip, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribesiniň bardygyny nygtady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz myhmana baýramçylyk sowgady hökmünde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen alabaýlary gowşurdy. Bilal Ärdogan alabaýlary aýratyn hormat duýgusy bilen kabul etdi we Milli Liderimize iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşanyna öwrülen alabaýlary sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
* * *
Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherine baryp gördi hem-de bu ýerde gurlan dürli maksatly desgalar, netijeli zähmet çekmek, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde ekologik talaplaryň hasaba alnyp, innowasion çözgütleriň peýdalanylmagy myhmanda aýratyn täsir galdyrdy.
* * *
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň ogullary — kompaniýanyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre bilen duşuşdy.

Işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öz atlaryndan we Marten Buigiň adyndan Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Liderine uzak ömür, berk jan saglyk, giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda meşhur fransuz kompaniýasynyň wekillerini kabul etmäge şatdygyny aýdyp, hoşniýetli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de “Buig” kompaniýasynyň Baş direktoryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolan “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistanda işläp başlanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu döwrüň içinde kompaniýa tarapyndan paýtagtymyzyň keşbiniň has-da gözelleşmegine ýardam beren binagärlik taslamalarynyň tutuş toplumynyň durmuşa geçirilendigini aýtdy. Şunda ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam edendigi bellenildi.

Aşgabat sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki derejesini barha ynamly pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik toplumlarynyň üsti medeni-durmuş, dolandyryş, beýleki maksatly täze desgalar bilen yzygiderli ýetirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny, tejribesini peýdalanmak, ekologik kadalary berjaý etmek üçin daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri fransiýaly hyzmatdaşlary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna we olaryň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga çagyrdy.

Işewürler ak mermerli Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynyň gurluşygynda Türkmenistanda işlemegiň oňyn tejribesini toplandyklaryny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar.

Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de “Buig” ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, bu kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini öwrenmäge taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzda netijeli iş alyp barýandyklary üçin işewürlere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
* * *
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “СLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp hem-de gutlaglary, hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna, “СLAAS” kompaniýasynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köp ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistan bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda netijeli häsiýete eýedigi aýdyldy. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda oba hojalyk enjamlaryny iri öndürijileriň biri bolan “СLAAS” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändigi bellenildi.                                     * * *
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä belli kompaniýanyň wekilini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Şu şatlykly günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýurdumyzda bolýandygy örän buýsançlydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygy pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda amerikan kompaniýasynyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy.

Pudaga degişli ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

2024-09-275591