
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýalar ulgamynda oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Watanymyzyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşygy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýol geçelgesi multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal gatnawlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de degişli işler alnyp barylýar.
Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder.
Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp,Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutup berdi. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylşyna ak pata berdi. Bu desgalar ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu köpri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demirýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol bilen çykmaga ýardam eder.
2014-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Halkara gümrük terminaly we Halkara awtomenzili açyldy. Häzirki wagtda ulag düzüminiň döwrebap desgalary bolan ýolagçy awtomenzilleriniň binalary Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde hem gurlup ulanmaga berildi. Bu döwrebap desgalarda ähli zerur düzümler — edara ediş binalary, duralgalar, sanly hyzmat ulgamlary göz öňünde tutulyp, ýolagçylar üçin iň amatly şertler bar. Şeýle hem awtomobil ulaglary kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygider pugtalandyrylýar we ulag gulluklarynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň demirýol ulagy ulgamy hem depginli ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň milli we halkara ähmiýetli demirýollaryny gurmak bilen bagly ýeten sepgitlerinden hem görmek bolýar. 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demirýoluny gurmak barada ylalaşyldy. Şol ýylyň 12-nji maýynda bolsa, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasy boldy. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demirýoly, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Lebap welaýatynda Ymamnazar — Akina demirýol bekedinde transmilli polat ýoluň — Aziýa halkara demirýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara demirýol geçelgesi ulanmaga berildi.
Ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň bökdençsiz hem-de ygtybarly ulanylmagynda taryhy taýdan gysga wagtyň içinde gurlup ulanylmaga berlen köprüleriň ähmiýeti hem uludyr. Şolardan Amyderýanyň üstünden geçýän Kerki — Kerkiçi demirýol (16.09.2009ý.) we awtomobil (14.02.2013ý.) köprüleri, Seýdi — Eljik awtomobil köprüsi, Türkmenabat — Farap demirýol we awtomobil köprüleri (07.03.2017ý.) Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky strategiki taýdan örän ähmiýetli geçelgelerdir. 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Akina — Andhoý (Owganystan) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demirýoluň ulanmaga berilmegi beýik işleriň dowamydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň sentýabrynda Serhetabat — Turgundy demirýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metre deň bolan demirýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, Turgundy demirýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demirýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine girişilmegi ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda täze Halkara howa menzili açyldy. Iň iri logistik merkez hökmünde ulanylmaga berlen, geçirijilik kuwwaty 1 sagatda 1600 ýolagça deň bolan hem-de 1 ýylda 200 müň tonna çemesi ýüki kabul edip, saklap we ugradyp bilmäge ukyply Aşgabat Halkara howa menzili häzirki wagtda sebitiň iri ulag-logistik merkezine öwrülýär.
Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döredýän halkara howa menzilleri gurulýar. Hususan-da, 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenabat Halkara howa menzili, 2021-nji ýylyň iýun aýynda Kerki Halkara howa menzili, 2025-nji ýylyň maý aýynda Jebel şäherçesinde Balkanabat halkara howa menzili açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary Halkara howa menzilleri ýolagçylara hyzmat edýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri hem Ýewropa we Hindi ummany döwletlerine çykmak üçin has amatly şertleri döredýär. Taslama kuwwaty bir ýylda 25 million tonnadan hem gowrak ýüki geçirmäge ukyply Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda açylyp ulanmaga berildi. Portuň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi harytlar ýüklenende wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik döredýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýär we onuň suw giňişligine ýylda ortaça 1500 — 1600 gämi girýär. Bu görkeziji bolsa ýyl-ýyldan artýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň dünýä ýurtlaryna uzaýan dost-doganlyk ýollary abadan bolsun!







