TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaponiýada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamat...

Ýaponiýada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

18-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow jenap Ş.Matsuşitany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.
Ýapon tarapy, öz gezeginde, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Kitabyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölümine aýratyn üns berildi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm ornuny giňişleýin belläp geçýär.

2023-08-21465