TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Tür...

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli sergä gatnaşýanlara uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Ählumumy durnukly azyk üpjünçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp ugry bolmak bilen, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki çalt özgerýän şertlerinde döwrüň möhüm meseleleriniň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin hem her bir döwletiň ykdysady syýasatynyň baş maksatlarynyň biri azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu möhüm döwlet syýasaty oba hojalyk we azyk önümçilik pudagyny yzygiderli kämilleşdirmek, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini uzak möhletleýin saklamak, döwrebap gaplara gaplamak, daşamak we ýerlemek işini döwrebaplaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Bu ugurda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçilikleri ösdürilýär.
Hormatly halkara sergä gatnaşyjylar!
Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, agrosenagat toplumynyň pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, olara iň täze tehnologiýalar we öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty ugurlarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldawlar berlip, netijeli işlemek üçin amatly şertler döredilýär. Bu çäreler oba hojalygynda, azyk senagatynda önümçilikleriň netijeliligini artdyrmaga, içerki bazary dürli görnüşli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, şeýle hem bu önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Çünki ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi durmuş ulgamynyň, ilatyň saglygynyň we fiziki işjeňliginiň, ýokary hilli ýaşaýşynyň wajyp esaslaryny emele getirmäge täsirini ýetirýär. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurduň oba hojalyk önümçiliginiň binýatlyk kuwwatyna, halkara bazarlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga, şol sanda azyk önümçiligi üçin enjamlaryň, çig mal we önümçilik serişdeleriniň durnukly dolanyşygyna köp derejede bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan we olaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna ýardam edýän «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Bu giň möçberli serginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge, birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki meýiller barada pikir alyşmaga giň mümkinçilikler dörediler.
Hormatly myhmanlar!
Eziz adamlar!
Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda halkara derejeli sergiler, ylmy maslahatlar, işewürlik duşuşyklary giň gerimde geçirilýär. Munuň özi dünýä ýurtlary bilen bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Bu giň möçberli halkara serginiň hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga itergi berjekdigine pugta ynanýaryn.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

2023-11-28286