TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny ...

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär, ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär, pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we pagtany ýygnap almak işleriniň, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary J.Annaýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de bökdençsiz kabul etmek, ýygnalan pagtany talabalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän bu möhüm möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we meýdanlardaky pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek hem-de talabalaýyk saklamak, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bellenen möhletlerde ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Sebitde şaly oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Meýdanlarda bar bolan şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şaly oragynyň bökdençsiz geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär. Pagta ýygymy bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şunda kuwwatly kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň pagta meýdanlaryndaky bar bolan hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagy üpjün etmegi, şaly oragynyň bökdençsiz geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalaryna daşamak we talabalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär we şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabatda guraljak dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz Aşgabat şäherini ýaşamak, işlemek we döretmek üçin ähli amatlyklary bolan şähere öwürmek baradaky öňe süren başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, gözel künjeklerini abadanlaşdyrmak, onuň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, ýylylyk we beýleki jemagat hyzmatlary bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we Aşgabat şäheriniň baýramçylyk äheňinde bezelmegini, talabalaýyk abadanlaşdyrylmagyny, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2023-11-28188