TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çagalara serpaý — bereketden paý

Çagalara serpaý — bereketden paý

Ýagty geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 12-nji iýulda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy-da munuň aýdyň beýanydyr.

Bu gezekki çäre ata-babalarymyzyň asylly däplerinden, durmuş taglymatyndan gözbaş alýan, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän nusgalyk ýörelgäniň ajaýyp dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanmasydyr. Dabaranyň dowamynda çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Merkezde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalar ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleri, joşgunly sözler bilen beýan etdiler. Olar sagdyn durmuş, eşretli ýaşaýyş we sazlaşykly ösüş ugrunda özleri barada yzygiderli alada edýän lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Ýurdumyzda her bir ynsan, hususan-da, çagalar baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzy dabaralandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Merkeziň giň zalynda gowşurylan ýörite sowgatlar täsirli pursatlara, şatlyk-şowhuna beslendi.

* * *

Geçen hepdäniň şenbe güni — 13-nji iýulda Köpetdagyň etegindäki Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda bu ýerde dowam edýän mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen çagalar bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem öz wagtlaryny şatlykly we gyzykly geçirýärler.

Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýaş nesliň wagtlaryny şatlyk-şowhuna besläp, gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler bar. Olaryň jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, durmuşa uýgunlaşmagy, häzirki zamanyň talaplaryna düşünmegi, bilim-ylym öwrenmegi, mynasyp hünär eýeleri bolmagy üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.

Gahryman Arakdagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň, ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler munuň aýdyň beýanydyr.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli iberilen sowgatlara tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza öz alkyşlaryny beýan etdiler.

2024-07-18413