TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr»

«Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr»

Oguljennet ÇARYÝEWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň lukmany:

— Ýakynda Milli Liderimiziň «akylly» şähere iş saparynyň dowamynda merkezimizde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady. Şol jähetden şu günler merkezimizde meýilnama laýyklykda tapgyrlaýyn dikeldiş bejergileri dowam edýär. Biz merkezimizde ýurdumyzyň çar künjeginden ýüz tutýan mümkinçiligi çäkli, kömege mätäç çagalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna saglyklaryny dikeltmäge ýardam edýäris. Olaryň ene-atalary bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, çagalarynyň kesellerine görä, degişli maslahatlary berip, olary her üç aýdan lukmançylyk barlaglaryndan geçmäge çagyrýarys we gözegçilikde saklaýarys. Merkezimiziň insklýuziw çagalar bagynyň çagalaryny lukmançylyk barlaglaryndan geçirip, degişli sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirýäris. Ýaş nesliň sagdynlygy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, dostlukly ýurtlaryň çagalaryna hem ýardam goluny uzadyp, goldaw berýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Şirin GURBANOWA,
Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany:

— Ýurdumyzda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Merkezimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy, kömek-goldawy bilen saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalary uly aladalar bilen gurşaýarys. Ýakynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň çagalary dikeldiş bejergileriniň ikinji tapgyryny aldylar. Bu ýerde diňe bir öz lukmanlarymyz hem däl, gerek bolsa, daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen tejribe alşyp, olar bilen birlikde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden merkezimize ýüz tutan çagalara netijeli bejergiler, operasiýalar arkaly saglyklaryny dikeltmäge ýardam berýäris. Golaýda merkezimizde tejribe alyşýan Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň klinikasynyň professory, çaga ortopediýa ugry boýunça ýolbaşçysy, trawmatolog, ortoped lukmany doktor Winset Frimberger bilen bilelikde dürli çylşyrymly hirurgik operasiýalar we bejergiler geçirildi. Bu işler netijeli dowam etdirilýär. Bize işlemäge, ýaşamaga şeýle gowy mümkinçilikleri döredip berýän lukman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

2024-10-09193