
Dünýä doldy şöhratyň
Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmek bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde şöhratyny has-da artdyrmaga, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamaga we ylmy esasda öwrenmeklige gönükdirilendir.
Mejlise gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Joşgunly aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşleri, bagtyýar durmuş, nurana geljek belentden wasp edildi. Soňra atçylyk akademiýasynyň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisi synlanyldy. Onda türkmen bedewleriniň şöhratly müňýyllyk taryhy, kämilligi, ýakyn syrdaşlygy, tebigat bilen sazlaşygy we türkmen milli seýisçilik ýörelgeleri açylyp görkezildi.
Soňra mejlis öz işine başlady. Onuň gün tertibi yglan edilip, olar boýunça pikir alşyldy. Daşary ýurtly atşynaslar bilen onlaýn görnüşinde guralan çykyşlar ahalteke bedewlerine bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Daşary ýurtly hem-de türkmen atşynaslary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mejlisde çykyş edenler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gymmatly hazyna hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň dünýäde tanalmagynda Gahryman Arkadagymyzyň arassa ganly tohum atlaryna bagyşlap ýazan ajaýyp eserleriniň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem ýurdumyzda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan adamlary birleşdirýändigi hem-de onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleriniň bilelikdäki täze taslamalary hem-de işewürlik gatnaşyklary baýlaşdyrmakda, özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Mejlisiň dowamynda wajyp wezipeler kesgitlenildi hem-de assosiasiýanyň daşary ýurtlardaky agzalarynyň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmek, daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek, dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmek, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlary, duşuşyklary, medeni çäreleri, bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramak hem-de olara gatnaşmak we beýleki möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ahyrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentiniň Karary bilen assosiasiýanyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri kesgitlenildi.