TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ylmy-ensiklopedik neşiriň XVI jildi

Ylmy-ensiklopedik neşiriň XVI jildi

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Binanyň giň eýwanynda Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyny, bilim-ylym ulgamyny, halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, durmuşyny baýlaşdyran dürli ýyllarda çap edilen gymmatly eserleri, ylmy işleri, şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan melhemlik çaýlaryň we suwlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlara giň orun berlip, olarda Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýeti dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle hem bu dabaranyň «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilýän günlerinde, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öň ýanynda bolmagynyň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn nygtaldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

2024-10-0995