TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gül Diýar toý ruhunda

Gül Diýar toý ruhunda

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlary, «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäheri şu günler uly toýlaryň ruhy joşgunyna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy, şeýle-de ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk görlüp, zähmet üstünlikleri gazanylýar. 21-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabada geldiler. Olar türkmeniň myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörek, aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşylandy.

Däp bolşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň giň hem tämiz köçeleriniň, owadan şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ýazylan «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwlet bar», «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir», «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» ýaly şygarlar, çar-töweregine özboluşly gözellik paýlaýan baýramçylyk bezegleri ildeşlerimizde we bu ýerlere gelýän myhmanlarda baýramçylyk ruhuny joşdurýar.

ahryman Arkadagymyzyň: «Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky üçin Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak mukaddeslik hasaplanýar. Çünki Garaşsyzlyk bagtyň sakasydyr. Bagtyň bar ýerinde-de asudalyk höküm sürýär. Şeýle parahat, abadan günleriň höziri-de başgaça bolýar. Ynha, şanly toýumyzyň öňüsyrasynda köçelerdir şaýollaryň döwrebap bezegler bilen bezelmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly ösüş-özgerişliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna ýokary derejede, bökdençsiz hyzmat edýän awtobuslaryň «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, täze maksatlar», «Döwlet adam üçindir!», «Pyragyň arzuwlan zamany geldi», «Biz bilelikde beýik geljegimizi gurýarys!», «Halk Maslahaty: demokratiýanyň we jebisligiň aýdyň ýoly», «Watana hyzmat — ömrüň manysy!», «Türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!» ýaly ajaýyp şygarlar bilen bezelmegi, Garaşsyz Watanymyzyň ak ertirlerine bolan ynamy has-da berkidýär we agzybirlik, jebislik, ynsanperwerlik ýaly düşünjeleri çuňlaşdyryp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlerine buýsanjy artdyryp, hemmelerde ýakymly duýgulary oýarýar.

2024-09-23101