TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şabat şanly toýuň şowhunynda

Şabat şanly toýuň şowhunynda

Şanly toýa barylýan günlerde hormatly Prezidentimiziň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň çäginde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň ulanylmaga berilmegi iki goňşy döwletleriň halklarynyň şatlygyny artdyrdy.

Dabarada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew teleköpri arkaly söwda maksatly bu möhüm desganyň işine ak pata berdiler. Söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý baglary dabaraly ýagdaýda kesilmegi bilen medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek böleklerine baryp görüp, olarda işleriň guralyşy, alyjylara hödürlenilýän harytlar bilen tanyşmagy täsirli pursatlara beslendi. Bu ýerdäki söwda nokatlarynyň köpdürli harytlary özünde jemleýändigi ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Ol harytlar milli öwüşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Azyk önümleriniň, senagat harytlarynyň, oba zähmetkeşleriniň ýetişdiren gök, bakja, miwe önümleriniň köpdürlüligi, bereketliligi göz dokundyrýar. Türkmen telekeçileriniň dürli görnüşli önümleri bilen bir hatarda görkezilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň saglyk ulgamynda ulanylmaga niýetlän önümleri, çaga iýmitleri söwda merkeziň açylyşyna gatnaşan adamlaryň ünsüni çekdi. Dabaranyň dowamynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezine hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň täze söwda merkeziniň açylyş dabarasy bilen gabat gelmegi aýratyn mana eýedir. Çünki bu bina Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny döretmek babatda netijeli hyzmatdaşlygyň täze derejesine badalga berýär. Serhetýaka zolagynda ýerleşýän desganyň iki halkyň öz öndüren harytlaryny hödürlemäge, dowamata uzaýan hoşniýetli goňşuçylyk däplerini berkitmäge uly hyzmat etjekdigine ynam berkeýär.

Milli binagärligiň täze nusgalarynyň esasynda gurlan söwda merkezinde dükanlaryň 37-si, naharhanalaryň 2-si, ammarlaryň 15-si hereket edip, olarda telekeçileriň öndürýän azyk önümleriniň, senagat harytlarynyň, oba zähmetkeşleriniň ýetişdiren gök-bakja, miwe önümleriniň serhetdeş halka ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär.

Täze taryhy döwri şeýle beýik işleri bilen has-da beýgeldýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza iki döwletiň halklarynyň buýsanjy, alkyşlary çäksizdir.

2025-11-1936