TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ynsanperwerlik hemaýaty

Ynsanperwerlik hemaýaty

Milli Liderimiziň Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, 6-njy noýabrda goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Milli Liderimiz bu başlangyjy makullap, halkymyzyň kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadýandygyny belledi we ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.

Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Kyn günde goňşa hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Şu gezekki iberilen ynsanperwerlik kömegi hem köp sanly şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent nusgasyny alamatlandyrýar. Ejir çeken ilata, aýratyn-da, çagalara goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň hem güwäsidir.

Owgan halky ynsanperwer ýükleri tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul etdiler we munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlaryny aýtdylar.

2025-11-12162