TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Geňeş toýy

Geňeş toýy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Türkmen toýy birnäçe günläp märeke bolup baýram edilýär. Onda geňeş toýunyň toýlanmagy hem döwletlilikden. Elbetde, halkyň «Halk Maslahaty» diýip arzylap garaşýan toýunyň hem ýurdumyzyň baş baýramy Garaşsyzlygyň öň ýanynda geçirilmegi türkmeniň döwletliliginden nyşan. Halk tutumly toýuny jebislikde baýram edýär.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen umumymilli foruma ýaş kiçiler, ýaşulular, il sylagly gojalar, eneler gatnaşdy. Oňa iň sowatly, il içinde hormat-sarpaly adamlaryň saýlanylmagy bu syýasy çäräniň iňňän ähmiýetlidigini aňladýar.

Geňeşli ýollar — güneşli ýollar.
Maslahatly — maksatly.

Halk Maslahaty — halkyň maslahaty. Maslahatlaryň ulusy. Geçirilýän ýeriniň adyndan hem onuň gabarasyny-dabarasyny aňmak bolýar: Maslahat köşgi. Bu köşkde syýasy çärä müňlerçe adamyň gatnaşmagy Milli Liderimiziň halk bilen, halkyň Milli Liderimiz bilen bir ten-u bir jandygyny görkezdi. Maslahatly mejlis Garaşsyzlyk toýuna ulus-il bolup barýan milletiň döwlet bilen bir bitewüdigini görkezdi. Halkymyzyň öz Milli Lideri bilen ýakyndan görüşmegi, hemsöhbet bolmagy günlerimiziň salamatlylygyndan nyşan boldy. Nuranalygynda nurana geljegini görýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 20-nji iýulda degişli Karara gol çekenden bäri umumymilli foruma ýokary guramaçylykly gelindi. Maslahatda öňe sürlen pikirdir teklipler, kabul edilen Kararlar halk hözirine gönükdirildi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda döwletimiz tarapyndan halkymyz hakda edilýän ummasyz uly işleri agzady. Maksatnamalaýyn amala aşyrylýan tutumlar, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi... Milli Liderimiziň Arkadag şäheri hakda hem aýtmagy oňa gatnaşýan «akylly» şäherlileri buýsandyrdy. Şäheriň ikinji tapgyry, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sogaply sepgitleri... Durşuna halk haýyrly işler! Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şäheriň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, bu ýerde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhlaryny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin diýmek bilen, geljegiň şäherinde beýik işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyňlaşdyrdy.

Arkadag şäheri — uly iliň buýsanjy. Ulus-iliň arzuwlarynyň wysaly. Döwletimiziň ýeten derejesi! Maslahata welaýatlardan gatnaşyp çykyş edenler hem Arkadag şäheri hakda aýratyn bellediler.

Halk hözirine

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da belende göterdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bitirilen-u-bitirilmeli işler hakda birin-birin durup geçdi. Halka ýene hoş habar. Döwlet Baştutanymyz: «Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrarys» diýende, buýsançly el çarpyşmalar foruma gatnaşyjylaryň alkyşy bolup ýaňlandy.

Şähergurluşyk syýasaty hakda aýdanda, döwlet Baştutanymyzyň çykyşy Arkadag şäheriniň şanly şu gününe syrykdy. Şäheriň bir ýyllygynyň şu ýyl ýokary derejeli geçirilendigini, ýakynda bolsa Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide Arkadag şäheriniň üç sany baýraga mynasyp bolandygyny, iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde Arkadag şäherine baş baýragyň gowşurylmagynyň aýratyn buýsandyryjy wakadygyny belledi. Şeýle hem şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurlup ulanmaga beriljekdigini aýtmagy döwlet Baştutanymyzyň öz halky hakda gije-gündiz iňňän uly alada edýändigini ýene bir gezek äşgär etdi.

Türkmeniň döwletliligi

Mahlasy, Milli Liderimiziň Maslahatda öňe süren tekliplerini halkymyz iki elläp gollady. Hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Permanlara gol çekmegi tüýs türkmeniň döwletliligi boldy.

Köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny nazara alyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin, «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Nurmuhammedowa, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew dagy Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesine — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp boldy we olara «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy. Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli köp sanly adamlaryň toý lybaslaryny medaldyr ordenler bezedi.

«Işleseň il tanar» diýleni. Döwletimiz zähmet çekibilseň, sylagyňy ýetirýär. Şol pursat Gahryman Arkadagymyzyň Maslahatyň başynda: «Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip aýdan sözleri hakyda doldy. Hormatly Prezidentimiz hem «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Watanyň, döwletiň, ilkinji nobatda, halka bil baglaýandygyny tekrarlaýar. Döwletiň il-günüň bähbidinden üzňe zadynyň ýokdugyny, her bir zadyň halkyň haýrynadygyny aýdýar. Çünki halk agzybir bolanda, ýurt berkarar. Ýurt berkarar bolanda, halk bagtyýar. Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň işi şeýle maksada gönükdirilen. Döwlet Baştutanymyzyň baş ýörelgesiniň çuňňurlygy hem şunda.

Maslahat — nesihat

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy pähim-paýhas, öwüt-ündew, many. Sözi — mukaddes. Watany söýmegiň mekdebi. Çünki Watana söýgi beýik işleri döretmegiň düýp binýadydyr. Gahryman Arkadagymyz çykyşyny «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Agzybire Taňry biýr...», «Köpüň dilegi köl bolar», «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz», «Arkalaşan dag aşar», «Ýoly ýörän ýeňer», «Ýagşydan at galar», «Döwletliden döwlet ýokar», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Söýenişen ýykylmaz», «Akylly iş — ganatly guş» ýaly parasatly sözler bilen jemledi. 12 sany pähim öňki çykyşlarynyň birinde aýdan 12 terbiýesini-de ýatlatdy.

Halk Maslahaty diňe bir maslahat däl-de, eýsem, nesihat!

Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň her bir aýdany halkymyz üçin täze üstünliklere çelgidir.

Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.

2024-09-265657