Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Şol gün Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem köpugurly sport çäreleri geçirildi.
Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet, Bedenterbiýe we sport müdirlikleriniň guramaklarynda geçirilen çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi.
Säheriň hoştap howasynda ir bilen şäheriň 10 000 orunlyk stadiony ýüzlerçe sagdyn durmuş ýörelgeleriniň janköýerlerini ýygnady. Bu ýerde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, woleýbol, futbol, boks, karate-do, dzýudo, sambo, milli göreş, agyr atletika görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary guraldy. Türgenleriň biri-birinden öwüşginli çykyşlary ýatdagalyjy boldy. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda beden maşklary ýerine ýetirildi. Talyplardan ybarat tans toparynyň çykyşlary bolsa sport çäresiniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Arkadag şäheriniň Sport merkezinde geçirilen sport çäresi hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda dowam etdi. Bu ýerde sporta höwesek ýaşlar merkeziň trenažýor zalynda dürli maşklary ýerine ýetirdiler. Olara tejribeli hünärmenler öz maslahatlaryny berip, maşklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etdiler. Bu çäre hem ýurdumyzda, hususan-da, Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Sport çäreleri Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda dowam etdi. Bu ýerde sportuň woleýbol, futbol görnüşleri boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary, boks, milli göreş, sambo, dzýudo, karate-do görnüşleri boýunça okuw-türgenleşikleri geçirildi.
Bu sport çäreleri Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygyny äşgär etdi. Şeýle çäreler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň yzygiderli ösdürilýändigini, kämilleşdirilýändigini görkezýär.