TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi — Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin şu hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň halkymyzyň milli baýlygy, göz guwanjy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimize goýýan belent sarpaňyzyň, ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Siziň ata-babalarymyzyň bize miras goýan milli buýsanjymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak we bu pudagy ilerletmek babatda durmuşa geçirýän beýik işleriňiz türkmen atşynaslarynyň kalbynda egsilmez guwanç duýgusyny döredýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda hem-de parahat durmuşda ýaşaýan bagtyýar türkmen halky Siziň her bir başlangyjyňyzy, kabul edýän il-ýurt bähbitli Kararlaryňyzy we çözgütleriňizi ýokary ruhubelentlik bilen garşy alýar. Dana pederlerimizden miras galan gadymy milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegi, olara döwrebap öwüşgin berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetde, syýasatda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, medeniýetde, sungatda, oba hojalygynda, senagatda hem-de beýleki ugurlar bilen birlikde, atçylyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegine bolan ynamyny has-da artdyrýar. Siziň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan beýik işleriňiziň, alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrülip, eziz Diýarymyzyň halkara derejedäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda her ýylda geçirilýän halkara maslahatlar, duşuşyklar, dabaraly çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Siz türkmen atşynaslarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we kämilleşdiren milli seýisçilik sungatynyň esasynda ösdürip ýetişdiren meşhur ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak babatda giň möçberli işleri durmuşa geçirýärsiňiz. Watanymyzyň ähli künjeginde her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurduryp beren döwrebap atçylyk sport toplumlary hem-de ylmy merkezleri bu pudagyň ösüşiniň täze derejelere çykarylýandygynyň güwäsidir. Milli Liderimiziň hemaýat-goldawlary bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň mejlisleriniň her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilmegi, onda atçylyk pudagynyň ösmegine ýardam edýän möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de degişli kararlaryň kabul edilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleriniň dürli dillerde neşir edilmegi ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki ähli muşdaklarynyň, alymlaryň, seýisleriň, bedew janköýerleriniň bu ugurdaky alyp barýan işlerini utgaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Bu günki gün Siziň baştutanlygyňyzda türkmen bedewiniň şan-şöhraty dünýä dolýar. Muňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünliginiň — Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen atşynaslarynyň hem-de bu pudakda tutanýerli zähmet çekýän hünärmenleriň, seýisleriň, türgenleriň, ähli atşynaslaryň adyndan Siziň berýän hemaýat-goldawlaryňyza jogap edip, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň nesil arassalygyny gorap saklamak we şan-şöhratyny belende götermek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleri durmuşa geçirjekdigimize ynandyrýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi — Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size ýene-de bir gezek köp sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar hem-de ýurdumyzyň atşynaslary.

2025-02-05267