
Gadamyň batly bolsun, «Galkynyş»!
1-nji fewralda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli «akylly» şäherde geçirilen dabaraly çäreleriň üstüni ýetirdi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň milli sirk sungatyny, behişdi ahalteke bedewlerini ýene bir ýola dünýä ýüzünde şöhratlandyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygyny äşgär edýär. Bular dogrusynda hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Dünýä meşhur toparyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul baýraklaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýörite sowgatlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda milli sirk sungatyna hem-de milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda döredilen topar taryh üçin örän gysga döwrüň içinde bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Ýurdumyzyň belli atşynaslarynyň, halypa seýisleriniň, «Galkynyşyň» agzalarynyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, şeýle üstünliklere ýetilmeginde, halkara ýaryşlarynda yzygiderli ýeňişleriň gazanylmagynda Türkmenistanyň halypa seýsi, ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehini, parasatly öwüt-ündewleri hem-de şahsy göreldesi bar. Joşgunly çykyşlarda şeýle sözler belentden ýaňlanyp, ýurdumyzda milli sirk sungatyny, atçylygy ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda toparyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy belent sepgitleriň üstüni ýetirdi.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.