TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaşlaryň şäheri — watansöýüjiligiň dabaralanmasy

Ýaşlaryň şäheri — watansöýüjiligiň dabaralanmasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Arkadag şäheriniň «ýaşlaryň şäheri» diýen derejesinden ugur alyp, täze şäheriň ýaşlary watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk ruhunda terbiýelenilmelidir, ösüp gelýän ýaş nesilleriň şähere bolan söýgüsini pugtalandyrmak, olaryň edep-terbiýeli bolmagyny gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalar ýola goýulmalydyr.

Geçen ýekşenbe güni Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyranda, ýaşlaryň şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň ýaş nesliň aňyna berk ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady we bu işde bilim işgärleri bilen bir hatarda ýaşulularyň hem bilelikdäki wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Halkymyz özüniň bäş müňýyllyk taryhy ýolunda ähli işlere sünnälik, tämizlik, päklik bilen bakypdyr. Çagany edep-terbiýeli, sowatly, bilimli, ahlak taýdan arassa edip ýetişdirmek bolsa, ähli ugurlardan ileri tutulan ugur bolupdyr. Munuň üçin bolsa ulularyň, ýaşuly nesliň tagallasy hemişe nusga bolupdyr. Ýaşlar üçin ulularyň geçen ýoly, göreni, bileni durmuş sapagydyr. Bu barada halkymyzyň janly dilinde birnäçe atalar sözleridir nakyllar döredilipdir.

Ýurdumyzda nesilleriň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza eýerip, watansöýüji bolup ýetişmeklerindäki aladalaryň hemişe üns merkezinde saklanmagy hem ýöne ýerden däl. Sebäbi her bir ata-ene öz çagasynyň ile-güne gerekli adam bolup ýetişmegini hemişe arzuw edip gezýär. Ylymly-bilimli bolup ýetişen nesliň her bir bitiren işi diňe bir maşgalasyna däl-de, ata Watanyna-da abraý getirýär. Asuda, abadan ýurdumyzda obalarda, şäherçelerde hem-de şäher ýerlerinde ýaşaýan her bir ýaşuly nesil öz agtyklaryna, çowluklaryna däp-dessurlarymyzy düşündirmekde nusgalykdyr.

«Gorkut ata» eposynyň ähli boýunda diýen ýaly çaga terbiýe bermek babatda jaýdar aýdylan jümleler sanardan kän. Şonuň ýaly-da nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem edep-terbiýe temasy eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatyny, ýaşlar baradaky edýän taýsyz tagallalaryny jemgyýetçilik durmuşynda giňden wagyz edip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde jemgyýetçilik guramalarynyň hem mynasyp paýy bardyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi hem «akylly» şäheriň ähli edaralarynda, hususan-da, bilim ojaklarynda ýaşlar bilen yzygiderli duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerinde Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly öwüt-ündewlerini, pähim-paýhasyny ýol-ýörelge edinýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri, taýsyz tagallalary, görüm-göreldesi ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalyk mekdepdir.

2024-09-18180