TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Gökdere» halka hyzmat edýär

«Gökdere» halka hyzmat edýär

Dünýä kartasynda täze dörän we sebitde özüniň deňsiz-taýsyzlygy bilen tanalýan Arkadag şäherinde adamlaryň abadan, rahat ýaşamaklary babatda döredilen şertleriň hatarynda bu ýerde ornaşdyrylan, hojalyk üçin zerur bolan ähli önümler bilen üpjün edilen dükanlar bilen birlikde, «Gökdere» söwda merkezini hem bellemek bolar.
Söwda hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, söwda medeniýetini ýokarlandyrmak, bu ugra degişli sanly ulgamy döwrebap derejede ýola goýmak işleri «Gökderede» hem ýokary derejede amala aşyrylýar. Söwda merkez täze şäheriň ýaşaýjylaryny hojalyga gerekli harytlar bilen üpjün edip, ilata özüniň ýokary derejeli hyzmatyny hödürleýär.
Merkeziň aşaky gatynda ýerleşýän «Altyn» marketde raýatlaryň ýokary islegini kanagatlandyrjak harytlar gözegelüwli ýagdaýda ýerleşdirilipdir. Bu ýerde häzirki zaman söwda ulgamyna mahsus bolan hyzmatlaryň ählisi ornaşdyrylan. Şonuň ýaly-da, sanly ulgam arkaly öýüňde, islendik ýerde gerek bolan harydyňy sargamak we ony eltip bermek ýaly hyzmatlary hem doly derejede ýola goýlandyr.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçilik ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Telekeçilik bilen meşgullanýanlara döwlet tarapyndan ähli goldawlar berlip, olaryň ýurdumyzyň bereketli bazarlaryny ähli harytlar bilen doly ýagdaýda üpjün etmekleri we ilata elýeter bahadan hödürlemekleri üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. «Gökdere» söwda merkezindäki «Altyn» marketde ilata hödürlenýän harytlaryň aglaba böleginiň türkmen telekeçileri tarapynda öndürilendigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Balşeker», «Ak gar», «Joş», «Eçil», «Ýedi gün», «Nesil», «Bars» ýaly beýleki birnäçe önüm öndüriji hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriň önümleri täze hem ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Alyjylara hödürlenilýän ter gök we bakja önümleri bolsa ýerli daýhanlarymyzyň ýetişdiren hasylydyr.

2023-07-28537