TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp sanly, wajyp ähmiýetli işleri alyp barýarys. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris. Şu maksatlar bilen wekilçilikli edaralaryň işine, olaryň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna, guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berýäris.

Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNY döretdik.

Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň
kitaplarynyň elektron görnüşi

Suratlar we
wideolar